- perde
- 1) Sahnanyň, gapynyň, äpişgäniň we ş. m. öňüne tutulýan tutdy.∙ Perdeler gerilgidi. (A. Gowşudow, Köpetdagyň eteginde)∙ Perde açylanda, Daňatar bilen Hally ikisi gürrüň edişip gelýärler. (A. Durdyýew, Saýlanan eserler)∙ Ýuwaş ýörän, tamyň çep dulundaky ýüzüne perde çekilen uly karta tarap gönükdi. (G. Kulyýew, Köpetdagyň Aňyrsynda)2) Drama eseriniň bir bölegi, bir akty.3) Kirişli saz gurallarynyň sapyndaky berkidilen sim, bogun.4) Örtük.∙ Soganyň gabyklarynyň arasynda ýukajyk perdesi bar.5) Göçme manyda Nykap, maska.◊ ýüzüniň perdesini syrmak — seret ýüz 1
Türkmen diliniň düşündirişli sözlügi. 2015.